
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew 25-nji sentýabrda, hökümet mejlisinde Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuw türgenleşiklerini geçirmäge niýetlenen “Diamond” kysymly howa gämileriniň halkara derejeli sertifikatlaşdyrylan ýerli uçarman tälimçilerini taýýarlamak hem-de mekdebiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Bu ugurdaky işler Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde ýerli uçarmanlar bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň uçarmanlaryny taýýarlamaga, mekdebiň okuw-türgenleşik uçuşlaryna Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentliginiň oňyn tejribesini we ülňülerini ornaşdyrmaga hem mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak baradaky teklibi makullady, we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.