
Daşary işler ministrligi we ýurduň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 7 döwletiniň raýatlary we 15 milletiň wekilleridir. Bu barada 25-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.
Wise-premýer Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, türkmen döwletinde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 142 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenilmegine görä, häzirki wagta çenli 5 müň 152 sany daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu babatda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.