
ABŞ-da iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň geçirilýän günlerinde duşuşmaga we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça özara pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, halkara giňişlikde Türkmenistan hem-de Şweýsariýa Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýarlar. Bu aýratynlyk halkara derejede hyzmatdaşlygy giňeltmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Söhbetdeşler söwda we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri barada-da pikir alyşdylar. Maliýe, derman senagaty, «ýaşyl» energetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we hanym Karin Keller-Zutteri bu iri halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň, halkara dialogy giňeltmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän anyk başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.