
ABŞ-da iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy.
Bellenilişi ýaly, söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, şu günki duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Awazada üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Kuweýt Döwleti bilen deňhukukly gatnaşyklary we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady hem-de Gahryman Arkadagyň Mirasdüşer Şazada Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabaha mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şeýle hem ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdiler.
– Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we baý tebigy gorlara eýe bolmagy halkara derejede iri taslamalary öňe sürmäge şert döredýär. Biz Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk edip bileris – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Duşuşykda söhbetdeşler iki ýurduň arasynda eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ösdürmek we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin hem ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň, dürli ugurlar boýunça sergileriň yzygiderli geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.
Türkmen döwletiniň Baştutany medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hem özara hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň kuweýt tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.