Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň işine energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajyplygyny belledi
08.09.2023

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 31-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň işine energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajyplygyny bellenildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşigi tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini maksadalaýyk ulanmak, pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we önümçilige öňdebaryjy energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.