Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Şatlyk» şypahanasy halkyň hyzmatynda
01.09.2023

Bir tapgyrda 104 adamy kabul edýän bu şypahanada her ýylda özüniň manyly ömründe netijeli zähmet çekip, hormatly dynç alşa çykan ýaşuly nesliň wekilleriniň, zähmet rugsadyndaky dürli kärdäki raýatlaryň müňlerçesi dynç alýar hem saglygyny pugtalandyrýar.

— Keselleriň öňüni alyş edaramyzyň Garagum derýasynyň gyrasynda ýerleşmegi, şeýle hem bu ýerdäki dürli baglar amatly howa gurşawynyň emele gelmegini üpjün edýär. Şoňa görä, ir säher bilen, agşamlaryna baglaryň aşagyndaky dynç alyş meýdançalarynda gezelenç etmek bu ýerde saglygyny pugtalandyrýan adamlarda şähdaçyklyk döredip, olaryň bedeniniň täzeden kuwwatlanmagyna, rahatlyk tapmagyna oňaýly şert döredýär — diýip, şypahananyň direktory, tejribeli lukman Bäşimdurdy Jumadurdyýew gürrüň berýär.

Şypahana ýylyň bütin dowamynda adamlaryň iň bir gelim-gidimli ýeri bolup, häzirki günlerde bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden dynç alyp, saglygyny pugtalandyrmak üçin gelýän raýatlaryň sany has-da artýar.

Olar gelen gününden bu sagaldyş, dynç alyş edarasynyň eli ýeňil lukmanlary, şepagat uýalary, beýleki hyzmat ediş bölümleriniň işgärleri tarapyndan güler ýüz, üns-alada bilen gurşalyp alnyp, bada-bat ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş otaglaryna ýerleşdirilýär.

Bu ýerde şypahana şertlerindäki iň täze, häzirki zaman bejeriş usullary giňden ulanylýar. Şolardan fizioterapiýa, iňňe refleksi, owkalama, ozokerit, parafin, Mollagara şypahanasynyň palçygy bilen bejergiler adamlaryň saglygyny pugtalandyrmakda aýratyn netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Şypahananyň çäginde ýeriň astyndan bir müň üç ýüz elli metr çuňlukdan çykýan kükürt-wodorodly suwuň düzüminde adam saglygy üçin peýdaly mikroelementleriň ençemesi jemlenendir. Tebigy häsiýetliligi bu melhem suwunyň esasy aýratynlygydyr. Adamlar şu ýerdäki suw bilen bejeriş binasynda kükürtli wanna, sauna, suw basseýni ýaly bejergileri kabul edip, öz saglyklaryny pugtalandyrýarlar.

Şypahananyň bedenterbiýe otagynyň dürli maşklary ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny aýtmak gerek. Şu ýerde dynç alýan raýatlar şepagat uýalarynyň maslahat bermeklerinde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirýärler. Bu bolsa olarda sagdynlygy, şähdaçyklygy, keýpiçaglygy emele getirýär.

Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden «Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasyna gelýän adamlar göwnejaý dynç alýarlar hem-de daýanç-hereket ediş, iýmit siňdiriş, nerw ulgamlarynda, şeýle hem oňurgada, bogunlarda, damarlarda emele gelýän sökelliklerden saplanyp, saglyklaryny pugtalandyrýarlar. Olaryň her biri uly şepagat uýasy Ogulnur Rejebowanyň, şepagat uýalary Gülbahar Durdyýewanyň, Sadap Garýagdyýewanyň, şepagat doganlary Ýagşymyrat Orazgulyýewiň, Öwezgeldi Meredowyň, baş aşpez Maýsa Gurbanowanyň, ussalar Ojarmyrat Aždarowyň, Batyr Gurbanowyň, tämizleýjiler Oguljahan Orazgylyjowanyň, Oguljemal Nurlyýewanyň edýän hyzmatlaryndan hoşal bolýarlar.