Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Mejlisi Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini öwrenýär
30.08.2023

Türkmenistanyň Mejlisi häzirki wagtda raýat-hukuk hem-de daşary ykdysady gatnaşyklar, gidrometeorologiýa, gümrük işi, harby borçlulyk we harby gulluk, taryhy-medeni mirasy goramagyň meselelerini kadalaşdyrmaga gönükdirilen Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak üçin ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri öwrenilýär.

Şu ýylyň ýedi aýynda Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 30-sy hem-de Mejlisiň kararlarynyň 35-si kabul edildi. Hereket edýän kanunlary Konstitusion kanunlaryň we halkara kadalaryň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, birnäçe hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde dürli duşuşyklar geçirildi. Milli parlamentariler okuw maslahatlaryna gatnaşdylar, iş saparlaryny amala aşyrdylar.

Şeýle hem deputatlar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça dürli çärelere gatnaşýarlar.