2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Wise-premýer H.Geldimyradowyň habar berşi ýaly, görlen çäreleriň netijesinde hasabat döwründe jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 4,9 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 113 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,6 göterim artdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.