17-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myrat Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Emiri Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Duşuşyk Katar Emiriniň köşgünde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda türkmen ilçisi Katar Döwletiniň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy. Kabul edişligiň dowamynda iki ýurduň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyndaky mümkinçilikleri barada bellenildi.
Ozal Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýha ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurandygyny
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi