Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça maslahatlaşdylar
16.08.2023

14-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi kabul etdi.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Kaha Imnadzeni BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň häzirki günde depginli ösüşi görkezýändigi bellenildi. Sebitiň ýurtlary ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi we anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit merkeziniň alyp barýan möhüm işiniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär hem-de dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda hem-de goňşy döwletleriň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde Aşgabatda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredilen gününden bäri geçen 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özüni häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen birleşdirýän netijeli meýdança hökmünde görkezdi.

Jenap Kaha Imnadze hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebit merkeziniň işine berýän hemişelik goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň döredilmegine, netijeli syýasy-diplomatik dialogyň ilerledilmegine saldamly goşant goşýandygyny nygtady. Diplomat ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine hem-de uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi