Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi maksat edinmäge esaslanýar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hatynda belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Tarman Şanmugaratnama hem-de Premýer-ministr Lourens Wonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Singapur Respublikasynyň halkyna bolsa gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.







