GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergide Türkmenistanyň ykdysady we önümçilik kuwwaty görkeziler
11.09.2026

17-19-njy sentýabr aralygynda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler.

Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda gazanylýan üstünlikleri, ýurduň önümçilik kuwwatyny giňden açyp görkezjek sergä ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Möhüm çärede türkmen telekeçileriniň gazanan üstünlikleri, täze önümleridir döwrebap taslamalary hem giňden görkeziler.

Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatynyň we ösüşiniň aýdyň beýany bolar.