GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary OGT 2026-nyň hemaýatkärleri hökmünde çykyş eder
11.09.2026

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylykly geçirilmegine halkara energetika kompaniýalary goldaw berýärler.

Halkara energetika çäresiniň Baş hemaýatkärleri hökmünde Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy bolan «SOCAR» we Malaýziýanyň milli nebitgaz kompaniýasy «PETRONAS» çykyş edýär. Platina derejeli hemaýatkär — Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy «CNPC», altyn derejeli hemaýatkärler — «Yug-Neftegaz», «Sinopec» hem-de «Auguste oil & energy» kompaniýalary, kümüş derejeli hemaýatkär bolsa «SLB» kompaniýasy boldy.

OGT 2026 dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalaryny, döwlet edaralarynyň wekillerini, maýadarlary, tehnologiýa üpjün edijileri we maliýe guramalaryny bir ýere jemleýän abraýly halkara platforma hökmünde çykyş eder.

Maslahatyň dowamynda energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş, täze tehnologiýalar we uzak möhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçiriler.