Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 7 million manatlyk gurluşyk materiallaryny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata we nah ýüplügi, trikotaž matalary, öý hojalyk himiýa önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 40 million 791 müň dollaryndan gowrak boldy.