Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Yrakda türkmen we katar gazyny satyn almak boýunça komitet döredilýär
11.08.2023

Türkmen we katar tebigy gazyny satyn almak meselelerini maslahatlaşmak üçin bilelikdäki komiteti döretmek hakynda Yragyň elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadel žurnalistlere habar berdi diýip, Iraqi News habarlar agentligi habar berýär.

Habar berlişi ýaly, komitetiň düzümine nebit ministrliginiň resmi wekilleri, elektroenergetika ministrliginiň geňeşçileri we beýleki hünärmenler girdi.

Garaşylyşy ýaly, toparyň biri «mawy ýangyjy» satyn almak boýunça şertnamalary maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana barar, beýleki topar deňiz ýoly arkaly suwuklandyrylan gazy imporrt etmegiň mümkinçiliklerine garamak üçin Katara barar.

Türkmen gazyny import etmek mümkinçiligini ilkinji gezek  Yragyň premýer-ministri Mohammed Şia Al-Sudani ýurtda ýangyç ýetmezçilik meselesiniň yzygiderli ýüze çykýanlygy barada meselä üns çekip belledi. Şunuň bilen baglylykda, Yragyň wekiliýeti mümkin bolan ylalaşyklar boýunça gepleşikleriň birinji tapgyry üçin Türkmenistana gelip görmegi meýilleşdirýär.

Yragyň gazy import etmäge gyzyklanmasyny ýangyjyň bu görnüşine bolan islegiň ýurduň merkezi we günorta welaýatlaryndaky elektrik stansiýalarynda artmagy bilen düşündirip bolar. Olar günde ýedi müň megawatt energiýa utgaşdyrýarlar.