Ýurdumyzda berkarar bolan abadançylyk, halkymyzyň eşretli ýaşaýşy ykdysadyýetiň okgunly ösüşlerine daýanýar. Tamamlanan şanly ýylda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 25,7 milliard manada golaý boldy. Öndürilen şonça önümiň 6 465,6 million manatlygy döwlete dahylly senagat kärhanalarynda öndürildi. Ol önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň welaýatymyzdaky kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabynadyr. Geçen ýylyň dowamynda öňki ýyl bilen deňeşdirilende, iri we orta senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary artyş depginleri himiýa senagatynda, un üweýji-ýarma we dürüşdelenilen iým senagatynda we ýeňil senagatda emele geldi.
2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda senagat kärhanalarynda sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna öndürilen önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 6 386 million manatlyga barabar boldy. Şol senagat harytlarynyň 58,8 göterimi ýurdumyzyň daşyna ugradyldy.
Durmuş-ykdysady ösüşlere depgin bermekde, ilatyň ýaşaýşyny eşrete beslemekde elektrik energetika pudagy möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçen ýyllarda welaýatymyzda bu pudagyň kuwwatly desgalary gurlup, işe girizildi. Olar tarapyndan geçen ýylda elektrik energiýasynyň 4 828 million kilowat sagady öndürildi we öňki ýyl bilen deňeşdirilende 9,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu üstünlige «Lebap», «Watan» döwlet elektrik stansiýalarynyň agzybir işgärleri saldamly goşant goşýarlar. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýurdumyzyň içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Elektrik energiýasynyň bir bölegi bolsa baglaşylan döwletara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurtlara ugradylýar.
Çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna gymmatly nebit önümlerini öndürmekde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önjeýli işler bitirilýär. Iri senagat kärhanasynda geçen ýylda çig mallaryň 472,3 müň tonnasy gaýtadan işlenilip, benziniň 244 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 117,9 müň tonnasy, ýol bitumynyň hem 21,5 müň tonnasy öndürildi.
Tamamlanan ýylda sement (1 118,7 tonna), nah ýüplükleri (402,9 million manat), ýüpek matalary (112,4 müň inedördül metr), tikinçilik we örme önümleri (812,5 million manat) öndürmekde öňki ýyla görä ýokary görkezijilere eýe bolundy.
Welaýatymyzyň daýhanlarynyň öndüren pagta hasylyny gaýtadan işlemekde hem gowy görkezijiler gazanylýar. Tamamlanan ýylda pagta arassalaýjy kärhanalar tarapyndan öndürilen pagta süýümi 108,4 müň tonna barabar boldy. Bu pagta süýüminden ýurdumyzyň dokma fabriklerinde geçginli we ýokary hilli nah ýüplükler öndürilýär. Olaryň bir bölegi bolsa daşary ýurtlara eksport edilýär.
Welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň agzybir işgärleri ilat üçin azyk önümlerini bolluk bilen öndürmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Has takygy, hasabat döwründe şöhlat önümleriniň 396,8 tonnasy, süýji-köke önümleriniň 2 858,8 tonnasy, süýt önümleriniň 35,8 müň tonna golaýy, gaplanan miweleriň we gök önümleriň 97 423 müň şertli bankasy, ýarmanyň 17 318,8 tonnasy, balyk we gaýry balykçylyk önümleriniň 839,4 tonnasy öndürildi. Munuň özi öňki ýyl bilen deňeşdirilende bu önümleri öndürmekde düýpli ösüşleriň gazanylandygyndan habar berýär.
Ýokary önümçilik görkezijileriniň gazanylmagyna aýry-aýry senagat kärhanalarynyň işgärleri has saldamly goşant goşýarlar. Geçen ýylda welaýat merkeziniň döwlet bölegine degişli iri we orta senagat kärhanalarynda islegli önümleriň 4 776,4 million manatlygy öndürildi. Bu bolsa welaýatymyzda iň ýokary görkezijidir. Tamamlanan ýylda Köýtendag, Halaç etraplaryndaky senagat kärhanalarynda hem ýokary netijeler gazanyldy. Mysal üçin, geçen ýylda Köýtendag etrabynda senagat önümleriniň 531,2 million manatlygy öndürilip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 43,6 göterim artyş depgini gazanyldy.
Ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda möhüm wakalara, ösüş-özgerişlere baý bolan geçen ýylda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýeneki ösüşler üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Täze başlanan ýylda hem welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň ruhubelent işgärleriniň öňünde örän jogapkärli wezipeler durýar. Olar döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny abraý bilen berjaý etmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler, her bir iş gününi üstünliklere besleýärler. Bu bolsa üstümizdäki ýylyň hem rowaçlyklara beslenjekdigine aýdyň subutnamadyr.
Çeşme: Türkmenmetbugat