Günorta Koreýanyň «Daewoo E&C» kompaniýasy şu ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkmenistanda şahamça açmagy meýilleşdirýär. Bu barada koreý neşirlerine salgylanyp «Biznes Türkmenistan» ýazýar.
Duşuşykda kompaniýanyň prezidenti Pek Çon Wan 2023-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda Türkmenistanda «Daewoo E&C»-niň şahamçasyny açmak isleýändigini aýtdy. Kompaniýanyň prezidentiniň bellemegine görä, täze şahamçanyň açylmagy kompaniýanyň türkmen hökümeti bilen has ýakyn gatnaşykda bolmagyna we taslamalar boýunça tiz hyzmatdaşlyk etmegä mümkinçilik döreder.
Günorta Koreýa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde fosfat dökünlerini öndürýän zawody we Balkan welaýatynda karbamid we ammiak dökünlerini öndürýän zawody gurmagy maksat edinýär.