Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de önümçilik proseslerine häzirki zaman sanly tehnologiýalary we emeli aň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak boýunça amala aşyrýan yzygiderli syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga hem-de innowasion çözgütleri ösdürmäge berýän yzygiderli goldawy netijesinde, Türkmenistanyň nebitgaz sektory halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýar.
Şu ugurdaky özgerişleriň çäklerinde, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Şenžen şäherinde ýerleşýän «Huawei» kompaniýasynyň önümçilik we ylmy-barlag merkezlerine baryp gördiler. Saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri täze tehnologik önümler, barlaghana işleri, okuw merkezleri hem-de döwrebap innowasion çözgütler bilen ýakyndan tanyşdyryldy.
Geçirilen iş duşuşyklarynda esasy üns nebitgaz pudagynyň sanly we intellektual özgertmelerine gönükdirildi. Gepleşikleriň dowamynda «Huawei» kompaniýasynyň hünärmenleri CNPC (Hytaý Galk Respublikasy), ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri) we dünýäniň beýleki öňdebaryjy nebitgaz kärhanalary bilen hyzmatdaşlykda kompaniýanyň täze önümleri bolan emeli aň (AI) çözgütlerini hem-de innowasion «Huawei» prosessoryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça gazanan uly tejribeleri barada giňişleýin maglumat berdiler.
Gepleşikleriň netijesinde «Huawei» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň sanly transformasiýasy boýunça özüniň giň mümkinçiliklerini hödürledi. Hytaý tarapy önümçilik maglumatlaryny bitewileşdirmek we emeli aňy ornaşdyrmak boýunça synag taslamalaryny bilelikde amala aşyrmagy teklip edip, türkmen tarapyny hyzmatdaşlyga çagyrdy. Bu başlangyçlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna, maglumat howpsuzlygy talaplaryna hem-de «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň önümçilik aýratynlyklaryna doly laýyklykda üstünlikli amala aşyrylyp bilinjekdigi bellenildi.







