GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
23.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ugurdaky işleriň çäklerinde, ýurdumyzyň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowamynda, 17-nji sentýabrda Şanhaý şäherinde geçirilen «HUAWEI CONNECT 2026» halkara sergisine gatnaşdylar.

Halkara serginiň çäklerinde türkmen hünärmenleri emeli aň, bulut hasaplamalary, sanly ekizler, 3D modelirleme, akylly guýular hem-de önümçilik desgalaryna sanly gözegçilik ulgamlarynyň döwrebap mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri nebitgaz pudagynda sanly teknologiýalary ulanmagyň netijeli tejribeleri we täze innowasion çözgütleri barada çykyş etdiler.

Mundan başga-da, Hytaýyň «Huawei», «CNPC» we «Sinopec» ýaly iri kompaniýalarynyň hünärmenleri emeli aňyň, ýokary öndürijilikli hasaplaýyş ulgamlarynyň we bulut tehnologiýalarynyň önümçilik işjeňligini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdiler. Serginiň dowamynda maglumat hem-de kiberhowpsuzlyk, täze nesil kompýuter ulgamlary, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň gelejegi boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi.