5-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynda 3-nji noýabrda badalga alan «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergi we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahat öz işini tamamlady. «Tehnologik innowasiýalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gurluşygy, senagaty we energetika pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak» atly 5-nji mowzuklaýyn mejlis, foruma gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy hem-de metbugat maslahaty jemleýji günüň esasy wakalary boldy.
Halkara maslahatyň jemleýji mejlisine ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, professor-mugallymlar we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, bilimli ýaşlary, ökde hünärmenleri taýýarlamakda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň usullary barada pikir alyşdylar.
Ökde hünärmenleri taýýarlamakda amaly-tejribe okuwlaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem geljekki hünärmenleriň, ylaýta-da, gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynda zähmet çekjek ýaşlaryň önümçilik kärhanalarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem işjeňlik görkezýärler. Mejlisde çykyş edenler şular barada anyk mysallara ýüzlendiler. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ulanyşa girizilen Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen. Şoňa görä-de, bu ýerde zähmet çekjek hünärmenler işe başlamazdan öň, ýörite okuwlary geçýärler. Galyberse-de, ABŞ-da, Malaýziýada guralýan okuwlar has-da netijeliligi bilen tapawutlanýar.
Jemleýji günüň meýilnamasyna laýyklykda, mejlisden soňra halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara diplomlardyr baýraklar gowşuryldy. Sergä işjeň gatnaşandygy üçin 31 sany kompaniýa diplom bilen sylaglandy. Halkara maslahat bilen baglanyşykly hem 4 ugur boýunça jemi 35 kompaniýa «Energetika pudagynda gazanan üstünlikleri üçin», «Gurluşyk pudagynda gazanan üstünlikleri üçin», «Innowasiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin», «Maslahat berijilik ugrunda gazanan üstünlikleri üçin» diýen diplomlar bilen sylaglanyldy.
Köpugurly sergi-maslahatyň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahaty halkara forumyň ähmiýeti, onda kabul edilen çözgütler, baglaşylan şertnamalar, täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşmaga, foruma gatnaşyjylar bilen sowal-jogap alyşmaga mümkinçilik döretdi.
Halkara foruma gatnaşan taraplaryň ählisini-de bir maksat birleşdirýär, o-da dünýäniň ösüşine, parahatçylygyna, howpsuzlygyna bilelikde goşant goşmak. Bu maksada ýetmekde her kim bir ugur saýlap alýar. Gurluşyk, senagat, energetika ýaly pudaklary özünde jemleýän ykdysady ulgam şol ugurlaryň iň esasysydyr.
Çeşme: Türkmenmetbugat