Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy
21.07.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Paýtagtymyzyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary mähirli garşylanyldy.

Günüň ikinji ýarymynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän ýeri bolan Maslahat köşgüne geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Soňra Gahryman Arkadag we dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Maslahat köşgüniň «Deňiz han» otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň ikiçäk duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadag çakylygy kabul edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Milli Lider özüniň geçen ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridigini belläp, Gahryman Arkadag şu ýyl ýurtda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň baýram ediljekdigini aýtdy we myhmany guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen döwlet bolup durýar. Koreýa Respublikasynyň bu ugurda degişli Kararnamalary goldandygyny aýdyp, hormatly Arkadag munuň üçin dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna öz minnetdarlygyny beýan etdi.

Şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini belläp, Milli Lider ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar üçin oňyn mümkinçilikdigini aýtdy. Bu bolsa Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly esasda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilmegine zerur üns berilýär. Munuň özi syýasy-diplomatik ugurda ýola goýulýan hyzmatdaşlykda parlament diplomatiýasynyň ornunyň pugtalanýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip, Gahryman Arkadag sözüni dowam etdi. Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunda öňdebaryjy koreý işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilmegine zerur üns berilýär.

Ikiçäk duşuşygyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo, öňi bilen, türkmen topragyndaky myhmansöýerlik we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin wekiliýetiň agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Kim Çžin Pýo Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine, ýeten derejesine uly gyzyklanma bilen syn edilýändigini belläp, öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrýarlar.

Şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhman iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadag geçen ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda Onuň Alyhezreti, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol we Milli Assambleýanyň Başlygy bilen geçirilen duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine aýratyn itergi berendigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadag Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola özüniň gyzgyn salamyny we çuňňur hormaty baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi we şu günki duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmek hem-de güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçiligi döredýändigini belledi.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň we Koreýa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen bagly başlangyçlaryna we tekliplerine özara goldaw berýändiklerine ünsi çekdi. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn hem ählumumy derejede däl, eýsem, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynyň çäklerinde-de özara gatnaşyklary berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigi bellenildi.

Gahryman Arkadag Seulda geçirilen duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin parlament diplomatiýasynyň ornuny güýçlendirmek we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» parlamentara forumyny döretmek barada pikir alşylandygyny aýdyp, Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirmek baradaky pikiriň doly goldanylýandygyny belledi.

Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşjakdygyny belläp, Gahryman Arkadag forumyň dowamynda Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi we koreý tarapynyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.

Ikinjiden, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň parlament wekilleriniň aragatnaşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadag Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sentýabr aýynda Seulda geçiriljek forumynyň çäklerinde Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Üçünjiden, söwda-ykdysady, energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Milli Lider koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp baran ýokary hilli işleri bilen özlerini gowy tarapdan görkezendiklerini kanagatlanma bilen belledi. Şunda «Hyundai Engineering» we «LG International» kompaniýalarynyň «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça guran desgalaryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy maliýeleşdirildi we guruldy.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadag Türkmenistanyň gaz we gazhimiýa pudaklarynda hem hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. Türkmenistan Koreýa bilen ulag ugrunda-da işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda türkmen tarapy koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, koreý kompaniýalary Türkmenistanda dürli ugurlarda amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşyp bilerler diýip, Gahryman Arkadag aýtdy.

Dördünjiden, medeni-ynsanperwer ugurda hem örän köp işler amala aşyrylýar. Bu babatda 2008-nji ýylyň sentýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili bölüminiň, 2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwrenmek boýunça bilim merkeziniň açylandygyny görkezmek bolar. Her ýyl Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda koreý ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýaşlaryň arasynda açyk bäsleşigi geçirýär.

Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ornuna ýokary baha berýändigini belläp, Gahryman Arkadag ýaşlaryň intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini has ýokary derejede durmuşa geçirmekleri bilen baglanyşykly meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigini aýtdy. Bu babatda 2024-nji ýylda Türkmenistanda häzirki zaman «akylly» şäher gurluşygy boýunça türkmen we koreý ýaşlarynyň jemgyýetçilik başlangyçlary forumyny hem geçirmegi teklip edýärin. Biziň lukmançylyk ugrunda-da uly mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň bilen baglylykda, geljekde Türkmenistanda Adaty koreý lukmançylyk merkezini açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin diýip, Gahryman Arkadag belledi.

Sportuň türkmen-koreý ynsanperwer gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Milli Lider Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çäklerinde ikitaraplaýyn bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmegiň we Aziýa yklymynda iri sport çärelerini geçirmek boýunça bilelikde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanlarynyň, parlament we Hökümet derejelerinde yzygiderli guralýan özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge ýardam berýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklaryny belledi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň uly goşandy bar diýip, Gahryman Arkadag belledi we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlugy, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge berýän şahsy ünsi üçin oňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen şu günki netijeli duşuşyk üçin sagbolsun aýtdy hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has ynamly we durnukly esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo resmi sapar bilen gelmek barada iberilen çakylyk hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki duşuşygyň iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady. Şeýle hem ol ruhy-medeni mirasyň umumylygynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny belledi. Gahryman Arkadagyň geçen ýyl Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze sahypany açandygyny aýdyp, myhman bu gezekki duşuşyklaryň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Gahryman Arkadagy ählihalk tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi bilen gutlady we uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde diňe bir söwda-ykdysady däl, eýsem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürýändigini belläp, myhman öz ýurdunda türkmen halkynyň medeniýetine we diline uly gyzyklanma bildirilýändigini aýratyn nygtady. Bu bolsa ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça oňyn tejribe toplanmagynyň baş şertini emele getirýär.

Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işleri alyp barmaklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanda gaz we gazhimiýa pudaklarynda amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga meýillidikleri bellenildi.

Kim Çžin Pýo koreý işewür düzümleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy ak mermerli Aşgabadyň özboluşly gözelliginiň haýran galdyrýandygyny belläp, şäheriň häzirki zaman talaplaryna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk desgalarynyň bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigini aýtdy. Mundan başga-da, 2030-njy ýylda Koreýa Respublikasynda «EKSPO — 2030» Bütindünýä sergisini geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin türkmen tarapyna öz hoşallygyny beýan etdi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy iki dostlukly halkyň ruhy we medeni umumylyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadag Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigini aýtdy. Milli Lider myhmany bu ýokary sylag bilen gutlap, oňa we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryna berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Koreýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadag duşuşyga gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo «Bitaraplyk» ordenini gowşurdy.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy ýokary döwlet sylagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň özüni täze ýeňişlere ruhlandyrýandygyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda jogapkärçiligini artdyrýandygyny belledi, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Bu ýerde taryhy ähmiýetli wakanyň hormatyna iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary bilen ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy. Şeýle hem belent mertebeli myhmany sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar Maslahat köşgüniň «Oguz han» otagy bilen tanyşdylar.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Maslahat köşgüniň dürli derejedäki mejlisleri geçirmek üçin niýetlenen otagynyň binagärlik we bezeg aýratynlyklarynyň, onda forumlary hem-de maslahatlary geçirmek üçin döredilen şertleriň, otagyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini belläp, onuň gurluşygynda, bezeg işlerinde ulanylan serişdeleriň derejesine ýokary baha berdi.

Soňra Gahryman Arkadag we belent mertebeli myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, mähirli hoşlaşdylar.