Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
“Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit” (GIZ) kompaniýasy Türkmenistan bilen Ähtnama baglaşmaga taýýarlyk görýär
06.11.2024

«Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» (CIET 2024) atly halkara maslahatynda “Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit” (GIZ) kompaniýasynyň Türkmenistan bilen “ýaşyl” energetikany goldamak we durnukly energiýa ulanyş usullaryny öňe sürmek maksady bilen hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, Ähtnama baglaşmaga taýýarlyk görýändigi bellenilip geçildi.

Ähtnama, ýurduň ekologik taýdan arassa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara geçişini goldamak boýunça uzak möhletli hyzmatdaşlygyň möhüm ädimine öwrüler.

Ähtnama Türkmenistan bilen GIZ-iň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek bilen, ýurduň we halkara jemgyýetçiligiň ekologik taýdan arassa we durnukly energetika pudagyny döretmek üçin möhüm işleri amala aşyrmaga ygrarlydygyny görkezer.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi