30-njy sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Nikaragua Respublikasynyň Daşary işler ministri Waldrak Lýudwig Witakeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Nikaraguanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek mehanizminiň ýola goýulmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.
Taraplar parlamentara gatnaşyklaryny ilerletmek üçin degişli derejede özara saparlary guramagyň möhümdigini bellediler. BMG we beýleki abraýly düzümleriň çäginde parahatçylyksöýüjilikli başlangyçlary öňe sürmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi. Mundan başga-da, taraplar ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hukuk binýadyny berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.