GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Abu-Dabide Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdy
07.07.2026

Abu-Dabi şäheriniň Halifa Uniwersitetinde gysga möhletli tanyşdyryş okuw maksatnamasyna gatnaşýan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) ilçisi Baýram Baýramow bilen duşuşdylar.

Ilçi talyplary okuw maksatnamasyna gatnaşmaklary bilen gutlady we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin guramaçylara minnetdarlygyny bildirdi.

Bu maksatnama Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen Halifa Uniwersiteti tarapyndan guralyp, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini görkezýär.

Şeýle hem diplomat Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň mynasyp we döwrebap bilim almagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary we döredip berýän şertleri barada gürrüň berip, talyplara geljekki hünär işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.