28-nji iýundan 7-nji iýul aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 sany mugallymy Hytaý Halk Respublikasynyň Sian we Çende şäherlerinde ýerleşýän Sian nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetinde «Gazylyp alynýan magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» ugurlaryna degişli hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.
10 gün dowam eden hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti,niň düzümleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar Geologiýa muzeýlerine, «LONGi Green Energy Technology Co., Ltd.» kärhanasyna, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine baryp gördüler.
Bu hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary 2024-nji 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy.







