Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
01.10.2024

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalar doly güýjünde işledilýär. Welaýatlarda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny gyş paslyna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Ýurdumyzda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly oragyna başlamak boýunça taýýarlyk işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurdaky işleriň guramaçylyk derejesini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda güýzlük ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça zerur işleri geçirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi