Bu günki gün Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şöhratly ykbalynyň toýuny toýlaýar. Şanly toý mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli yurdumyzyň suratkeşleriniň "Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!" atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy.
Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik sungat mekdebiniň talyplarynyň, halypa mugallymlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren sungat eserlerinden düzüldi. Muňa mysal edip, ussat suratkeş Rejep Söýünowyň "Galkynyş", Natalýa Kaluginaň "Şibli baba", Walentin Kudrýaşowyň "Parfiýa ýaýlasy" we ýene-de birnäçe halypa suratkeşleriň sungat eserlerinde taryhyň waspy, döwrüň çeperçilik islegleri, suratkeşlik pelsepewi oýlanmalary we pikirleri esasynda şahsyýetleriň keşbi reňkleriň dünýäsinde janlanýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň IV ýyl talyplarynyň ýerine ýetiren "Çoh garaşan ajap eýýam gelipdir" atly çeperçilik eserinde ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasyny hem-de beýleki etnografik gymmatlyklaryny aýdyň şöhlelendiripdirler. Bulardan başga-da, Jumamyrat Gurbanowyň "Baýram güni", Aýgözel Ojarowanyň "Arkadag şäheri", Oguljuma Söýünowanyň "Gözüm düşdi" ýaly täze öwüşginli eserleri sergimiziň görküne görk goşýar.
Garaşsyzlyk türkmen sungatynyň wekillerine täze öwüşgin, täze çeperçilik bilen galkyndyrýan eserleri döretmäge itergi berdi. Döredilýän eserler gadymy döwrüň çeperçilik däplerini gaýtadan işläp, täsirli mümkinçilikler esasynda döwrüň waspyny şöhlelendirýär. Ol eserlere şöhratly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz, bedew batly Watanymyzyň ösüp gelýän her bir güni, ak şäherlerimiziň gözelligi täze öwüşgin berýär. Sergide görkezilen eserler halkymyzyň milli däplerine we gadymy taryhyna esaslanyp çeperçilik sungatynyň dürli usullary esasynda beýan edilýär.