Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar we yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, tehniki uglerody satyn aldylar.
Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany, jins matasyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 77 million 668 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin nebit bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 634 müň manatdan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.