GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi
20.11.2026

2026-njy ýylyň 18-19-njy noýabry aralygynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow, Gyrgyzystanyň wekiliýetine Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, suw gorlary, oba hojalygy we gaýtadan işlenýän senagat ministri Erlist Akunbekow ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, nebit-gaz, oba hojalygy we ylmy-tehniki ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti nygtaldy. Taraplar medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurlygyny bellediler.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň ýedinji mejlisiniň netijeleri boýunça Jemleýji Teswirnama gol çekildi.