GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
21.11.2026

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gözegçilik edýän pudaklaryndaky alnyp barylýan işler we geljekki döwlet we halkara çärelerine taýýarlyk görmek barada hasabat berdiler.

Mejlisde «GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahata, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisine, 24–26-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä, şeýle hem «Türkmentel — 2026» atly halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk meselelerine seredildi. Aýratyn hem ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlary we olimpiadalary geçirmek, söwda toplumynyň Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna taýýarlyk barada hasabatlar diňlenildi.

Şeýle hem oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek hem-de gorap saklamak, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodyny döwrebaplaşdyrmak, 16-njy noýabrda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama we «Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027 — 2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýa» we Hereketleriň meýilnamasy barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seredilen meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli tabşyryklary berdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi