Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 20-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň nebithimiýa önümlerine isleg bildirildi
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda türkiýeli işewürler «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «B» kysymly karbamidi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem içerki bazarda Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetine arassalanan dezodorirlenmedik birinji hilli pagta ýagy ýerlenildi.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 13 760 000 manada we 19 000 000 ABŞ adollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.







