
≪Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda≫ nebitiň, gazyň çykarylyşyny, içerki we daşarky sarp edijilere ugradylyşyny, gaýtadan işlenilşini, ygtybarly gorlar bilen ýeterlik derejede üpjün etmek maksady bilen geçirilmeli gözleg-agtaryş işleri babatda uzak möhletlere niýetlenilen anyk wezipeler kesgitlenen. Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda ýangyç serişdelerini gazyp çykarmakda, olary gaýtadan işlemekde we taýýar önümleri dünýä bazaryna
Mk40T koltýubing desgasy.Inžektoryň çekiji güýji 45000 kg
60,3 mm 45000 metr maýyşgak turba
MK20M koltýubing desgasy.Inžektoryň çekiji güýji 27200 kg
Diametri 38.1 mm 5500 metr maýyşgak turba
çykarmakda ägirt uly öňegidişlikler amala aşyrylýar. Bu maksatnamada ähli ugurlar boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan belent sepgitlere ylmyň öňdebaryjylarynyň we hazirki zaman tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrmagynyň netijesinde ýetiler.
Gözleg-agtaryş işleriniň esasy ugurlary, nebitiň we gazyň gazylyp cykarylyşy boýunca häzirki döwürde nebitgaz işleri alnyp barylýan ýerlerden başga-da, Günbatar Türkmenistanda: Akpatlawuk,Çekiçler,Şatut,Nebitlije, Gündogar Çeleken we beýleki geljegi uly bolan meýdanlarda nebit-gazly gatlaklarda goşmaça barlaglary gecirmegiň hasabyna; Hazarýaka zolagynyň geljegi uly bolan meýdanlarynda;
Nebitlije we Çeleken meýdanlarynda önümliligi subut edilen, önüm alynýan gatlaklardan aşakda ýerleşen täze gatlaklara;Hazar deňziniň Türkmen bölegine; Gündogar Türkmenistanda:Ýolöten-Ýaşlar,Şatlyk, Malaý-Bagaja gazly zoloklaryna we Amyderýanyň sag kenaryna; Murgap, Bokurdak, Merkezi Garagum sebitleriniň nebitgaz ýataklaryna we başga birnäçe känlerde geljegi uly bolan meýdanlara gönükdirilen.Häzirki wagtda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň, Alym Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynda nebit we gaz pudagyna innowasiyanyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Olar guýulardan nebit çykarmakda ulanylýan tehnologiýalardyr. Olaryň esasy wezipeleri nebit çykaryjy guýularda abatlayyş işlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şeylelikde dünýäde ulanylýan tehnikalara we tehnologiýalara esaslanyp seljerme işleri geçirilende nebit çykaryjy guýulary burawlamakda yüze çykýan gatlak şertlerine esaslanylanda birnäçe meseleleri gözden geçirmeli bolýar. Olar, esasan, aşakdakylardan ybarat: burawlama döwründe dörän kolmatasiýa, guýynyň sement sütüniniň jebisligi, guýynyň açylyş derejeleri, gatlak guýynyň arasyndaky arabaglanyşygynyň derejesi, guýynyň gidrogazodinamiki häsiýetleri, guýynyň üst jebisligi, guýulary ulanma bermek, ulanylýan guýularda işleyän halynda birnäçe döwürlerde yüze çykýan işleri geçirmek, guýularda galdyryp–düşürme işlerini geçirmek, guýularyň öz-özünden suw basanda suwuklygy galdyrmak, aýyrmak, gazlift usulynda abatlayyş işlerini gecirmek işlerinde daşky gurşawa täsirsiz usullaryň tehnikasyny hem-de tehnologiyasyny saýlap almak wajypdyr. Ýurdumyzda nebit känlerini özleşdirmekde, işläp geçmekde, önüm berijiligini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işlerde täze tehnikalar we tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Olaryň arasynda işläp duran guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin Koltýubing desgasyny bellemelidir.
Uran-20.1 desganyň tehniki häsiýetnamasy
Bu desgalar toplumy birnäçe işleri geçirmek üçin niýetlenilyär. Koltýubing desgasy maýyşgak turbalary ulanmgyň kömegi bilen nebit çykaryjy guýularyndan häzirki wagtda ylmyň gazananlarynyň amatlysy bolup durýar. Seredilýän desganyň ylmy aýratynlygy soňky dowürlerde buraw işlerinde çalt ösyän ugur gapdala gönukdirilen we kese guýulary burawlamak üçin ulanylýan tehnologiýa yzygiderli turbalary ulanmak. (KGT)-колонна гибких труб), (UGT-установка гибких труб колтюбинговое оборудование).Yzygiderli buraw turbalaryny ulanmak buraw tehnologiýalarynyň meseleleriniň giňelmeginde we turbalary kebşirlemek önümçiliginde uly üstünliklere eýe boldy. Daşary ýurt tejribelerinde (ABŞ, Kanada) yzygiderli turbalar geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda ýerasty düýpli abatlaýyş işlerinde nasos compressor turbalaryna (NKT-a) derek ulanylyp başlanyldy we olaryň diametrleri 33 mm-den 89 mm-e cenli ulaldyldy. Häzirki döwürde nebit we gaz guýularynda KGT giňden buraw işlerinde, özleşdirmekde, guýulary ulanmakda we düypli abatlayyş işlerinde ulanylýar.
dowamy şu ýerde: https://turkmennebit.gov.tm/articles-detail/186
Batyr JUMAÝEW, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary
Ogulgerek BERDIMYRADOWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty
Maýagül GAFUROWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty
çeşme:"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly