Gurbanaly Amanalyýew 1971-nji ýylda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda dünýä indi. Çagalykdan başlap halk sazyna, dutar çalmagyna uly höwes bilen ýakyndan gyzyklanýar. 1981–1986-njy ýyllarda Esenguly etrabyndaky çagalar sazçylyk mekdebinde dutar bölüminiň okuwçysy bolup bilim aldy. Soňra bu ýoluny dowam etdirip, 1986–1990-njy ýyllarda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň halk saz gurallar bölüminde okaýar we dutar mugallymy hünärine eýe bolýar.
1990–1992-nji ýyllarda harby gullugy tamamlandan soň, dogduk etrabyndaky çagalar sazçylyk mekdebinde dutar mugallymy bolup zähmet ýoluna başlady. Onuň döredijilik we ýolbaşçylyk ukyby häzirki döwrüň ýokary medeni talaplaryna laýyklykda ösýär.
Medeniýet we halypalyk ýoly
Gurbanaly Amanalyýew 1995–1999-njy ýyllar aralygynda Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet bölüminiň çeper ýolbaşçysy bolup işledi. Soňra birnäçe ýyllap bilim ulgamynda we medeni sport toplumlarynda halk saz gurallaryny çalmak bilen meşgullandy. Ol diňe bir sazandalyk bilen çäklenmän, täze döredijilik toparlarynyň döredilmegine hem uly itergi berdi.
Ol dürli ýaşdaky toparlara ýolbaşçylyk edip, “Dagdan”, “Gara altyn”, “Şagadam” ýaly folklor döredijilik toparlarynyň döremegine we ösmegine uly goşant goşdy. Şeýle-de, 2003–2005-nji ýyllarda halk saz gurallar ansamblyny ýolbaşçylyk edip, baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.
Çagalar bilen iş we halkara üstünlikler
2008-nji ýylda TNGIZT-niň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň medeniýet öýüniň müdiri wezipesine bellenen Gurbanaly Amanalyýewiň ýolbaşçylygynda täze döredijilik toparlary — “Hazar merjenleri” çagalar tans we folklor topary hem-de “Tolkun” aýdymçylar topary döredildi. Bu toparlar diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem halkara derejesinde hem üstünlikli çykyş etdiler.
“Hazar merjenleri” topary 2010, 2013 we 2014-nji ýyllarda “Awaza dostluk mekany” halkara çagalar festiwalyna gatnaşyp, diplomlara mynasyp boldy. Şeýle hem, Türkiýäniň Bursa, Stambul we Antaliýa şäherlerinde geçirilen halkara festiwallarda ýurdumyzyň medeniýetini mynasyp görkezdi.
“Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň üstünlikleri
Gurbanaly Amanalyýewiň ýolbaşçylygyndaky toparlar birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginde üstünlik gazandylar. Ol özüniň tejribesi bilen 13 sany şägirdiniň döwlet derejesindäki “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşmagyna ýol açdy. Bu şägirtleriň birnäçesi — Bägül Muhammedowa, Abdysetdar Geldiýew, Maýagözel Mämmetgylyýewa, Gülöwser Mätiýewa, Kerem Hangeldiýew, Arzuw Aganyýazowa we beýlekiler hormatly Prezidentimiziň diplomlaryna hem-de “Gulbaba” baýraklaryna mynasyp boldular.
Şonuň ýaly-da, halypanyň ýene birnäçe şägirtleri, şol sanda Muhammet Meredow ýaly ýaş zehinler “Ýaňlan, Diýarym” bäsleşiginde ýeňiji bolup, ýokary baýraklara eýe boldular.
Halk döredijiligine ygrarly ýolbaşçy
Gurbanaly Amanalyýew diňe çagalar bilen däl, uly ýaşlylar bilen hem döredijilik işlerini alyp barýar. Ol “Nebitçi zenanlary” atly folklor toparyny döretdi we onuň bilen “Läle” baýramynda üstünlikli çykyş etdi. 2023-nji ýylda bolsa “Tolkun” topary halkara bäsleşikde baýrak gazandy.
2025-nji ýylda onuň taýýarlan şägirtleriniň biri, Arzuw Orazowna Aganyýazowa, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Prezidentiň Kararyna laýyklykda, noutbuk, planşet we diplom bilen sylaglandy.
Döredijilik gözleginde – saz, tans, edebiýat
Gurbanaly Amanalyýew halk döredijiligini, milli däp-dessurlary terbiýe taýdan ornaşdyrmakda üstünlikli tejribe toplady. Ol kenarýaka türkmenleriniň meşhur tansy bolan “küştdepdi” tansyny birnäçe görnüşde täzeden işläp taýýarlady we ýazga geçirdi. Şeýle-de, halk şahyrlarynyň goşgularyna saz düzmekde, täze repertuarlar bilen çykyşlary baýlaşdyrmakda hem işjeň hereket edýär.
Ol hemişe halkymyza, eziz Watanymyza bagyşlanan döwrebap aýdymlary çagalaryň dili bilen ýetirmäge çalyşýar. Halkyň arasynda söýgi gazanan, zähmetsöýer, ak ýürekli ýolbaşçy hökmünde giň abraýa eýedir.
Mollaýewa Gülruh,
“Türkmennebit” DK-niň Işgärler we hukuk müdirliginiň Işgärler bölümi, baş hünärmen







