Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» XXX halkara maslahatynyň netijeleri: Nebit pudagynyň ösüşi we innowasiýa taslamalary
28.10.2025

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» XXX halkara maslahaty we sergisi bu pudagyň ösüşi we geljegi üçin möhüm platforma boldy. Çäräniň esasy maksady ýurduň nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek, daşary ýurt maýadarlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we sebit energetika hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boldy.

Maslahata dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan 1500 töweregi wekiller gatnaşdy. Forum çäklerinde nebitgaz pudagynyň dürli ugurlary bilen baglanyşykly tehnologiýalar, innowasiýalar we maýa goýum taslamalary giňden tanyşdyryldy. Awtomatlaşdyrma, sanlylaşdyrma we döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy, şol sanda uglewodorod serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek prosessleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri aýratyn üns bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan nebit serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemekde sanly we innowasion çözgütleri işjeň ornaşdyrýar. Bu çemeleşme önümçiligiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, pudagyň maýa goýumlara özüne çekijiligini hem artdyrýar. Ýurdumyz nebit önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek, ammiak, mineral dökün, polimer we beýleki ýokary goşulan bahaly önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça möhüm işler geçirýär. Munuň netijesinde täze iş orunlary döredilýär, ýerli tehnologiýalar we halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Forumda Hytaýyň CNPC, Italiýanyň Eni, ABŞ-nyň Baker Hughes, Ýaponiýanyň Sumitomo Corporation, Malaysiýanyň PETRONAS we beýleki iri kompaniýalaryň nebitgaz pudagyndaky innowasion taslamalary we çözgütleri tanyşdyryldy. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanda nebithimiýa we nebit önümçiligi boýunça halkara tehnologiýalary ornaşdyrmaga we sanly ulgamy giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanda turba geçirijiler, suwuklandyrylan gaz önümçiligi we gaýtadan işleme desgalary boýunça täze taslamalar barada pikir alyşmalar geçirildi. Türkmenistanyň Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasy hem aýratyn nygtaldy. Bu taslama diňe bir sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanda nebit we gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Nebit pudagynda sanlylaşdyrma, döwrebaplaşdyrma we ýokary tehnologiýaly önümçilik önümlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň binýadyny döredýär. Maýa goýumlary we halkara hyzmatdaşlygy çekmek üçin açylan mümkinçilikler bu strategiýanyň möhüm bölegi bolup durýar. Çykyşlarda nebitiň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy, gaýtadan işlemek we nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly halkara bazarlarda netijeliligi ýokarlandyrmak meseleleri aýratyn bellenildi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» XXX halkara maslahaty nebitiň netijeli we durnukly peýdalanylmagynyň, innowasion tehnologiýalaryň we sanlylaşdyrma işleriniň ornaşdyrylmagynyň, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň möhüm ädimlerini görkezdi. Maslahat Türkmenistanda nebit pudagynyň geljegini şekillendirmek we ýokary goşulan bahaly önümleriň önümçiligini giňeltmek üçin möhüm platforma boldy.

Merdan Gyrlow,

"Türkmennebit" döwlet konserniniň Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygy müdirliginiň baş hünärmeniniň wezipesini ýerine ýetiriji