
Häzirki döwürde nebit we gaz guýylarynda KGT giňden buraw işlerinde, özleşdirmekde, guýylary ulanmakda we düýpli abatlaýyş işlerinde ulanylýar.
(KGT) – yzygiderli maýyşgak trubalar düzülişi (gurluşy) boýunça yzygiderli diametri birdeňlikde metal trubalary we olar ýörite tegek (barabana) oralýar hem-de özi ýöreýän desgada ýerleşdirilen we yzygiderli maýyşgak trubany berýän mehanizm (transportýor) şeýle-de beýleki kompleks enjamlar bilen birnäçe tehnologiýalary dolandyrmak üçin gurallar üpjün edilýar. KGT-nyň göterip-düşürme enjamlary iki görnüşden düzülen: truba dolonýan tigirden we trubany süýşürýän mehanizmden.
Tehniki häsiýetnamasy
Şassi |
MZKT-65276(10x10) |
|
Maýyşgak turbaň diametri, mm |
19,05-50,8 |
Dwigatel |
ÝMZ-7511 |
|
38,1 mm soralýan turbanyň uzynlygy |
5500 |
Dwigateliň güýji, kt (ag) |
300 (400) |
|
Uzynlygy, mm |
15100 |
Max çekiji güýç, kg |
27200 |
|
Ini, mm |
2550 |
Maýyşgak turbaň goýberilişiň tizligi, m/min |
0,3…48 |
|
Beýikligi, mm |
4450 |
Guýynyň sakasyndaky max basyş |
70 |
|
Massa, kg |
59000 |
Tehnologiýany ylmy taýdan seljermekde aşakdaky netijelere eýe bolup biler:
- wagty örän tygşytlaýar we göterip-düşürme işleriniň howpsyzlygyny artdyrýar, ýagny trubalaryň birikmelerini açyp-ýapmak işlerini aradan aýyrýar;
- guýyda gyşardylýan aralyklary geçmegi we uzaldylan kese bölekleriň geçmek ýagdaýyny gowylandyrýar;
- tehnika-ykdysady görkezijileri artdyrmak üçin goşmaça tehnologiýalary ulanmaga mümkinçilik döredýär (esasy guýydan birnäçe kese guýylary burawlamak), anomal şepbeşikligi nebitkänlerini özleşdirmekde, guýy çuňlananda gatlaklary açmak, burawlamagyň netilejik täsirinde uly geçirijilikli gatlaklary açmak we pes gatlak basyşly gatlaklary açmak üçin niýetlenen;
- guýyny basyp ýatyrmak işlerini aradan aýyrýar, netijede önümli gatlagyň kollektor häsiýetleri saklanylýar;
- guýynyň ýokarsyny berk jebis saklamak ýagdaýyny döredýär, şeýdip ýokary zyňmaklyk we çuwdürimli mümkinçilikleriň öňüni alyp bolýar;
- çäklendirilen işçi meýdançalarda buraw enjamlarynyň kompleksini ykjam sazlaşykly işlemäge mümkinçilik döredýär;
- daşky gurşagy goramaklygy we ekologiýanyň ýokary talaplaryny ýerine ýetirýär;
- buraw brigadasynyň iş ýagdaýlaryny gowylandyrýar, programmaly dolandyrmagy döredýär.
-
Tehnologiýany ylmy nazary taýdan esaslandyranymyzda aşakdaky netijeleri alyp bolar:
- nebit guýularyň öz - özünden suw basmagy aradan aýyrmak, suwuklygy ýokaryk çykarmak, NKT- -iň diamerini kiçeldip sütündäki tizligi ýokarlandyrmak.
- gatlagyň önümberijiligini ýokarlandyrmakda ulanylýan usullarda has netijeli we ykdysady taýdan amatly netijesi bardyr. (turbanyň içinde we daşyndan täsirmek etmek, gatlaga gidro ýarmak, gatlaga kislata bilen ýarmak bilen täsir etmek we ş.m).
- guýularyň önümberijiligini ýokarlandyrmak ezektorly usulyny ulanmakda amatlydyr. (Parafin dykysyny, çäge dykysyny, suw dykysyny we ş.m).
- Ulanylýan tehnologiýanyň tehnikasynda guýy saklananok.
- Ulanylýan tehnologiýanyň tehnikasynda ekologiýa daşky gurşawa zyňyndylar ýok.
Alynan netijede gatlagyň guýularyň önümberijiligini ýokarlandyrmak göz öňüne tutulýar. Tehnolgiýanyň birnaçe görnüşleri bilen tapawutlanyp birnäçe işleri ýerine ýetirip bolýar. Bu bolsa nebit çykaryjy, düýpli abatlaýyş işlerinde ulanmaklyk ykdysdy görkezijileri alyp bolar.
Batyr JUMAÝEW, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary
Ogulgerek BERDIMYRADOWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty
Maýagül GAFUROWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty
çeşme:"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly