Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Gara Altyn"çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi

"Türkmennebit" Döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" tresti Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligine degişli bolan "Gara Altyn"çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi

 

     "Türkmennebit" Döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" tresti Balkanabat tilsimat ulaglary müdirligine degişli bolan "Gara Altyn"çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi Hazar şäherçesiniň çäginde ýerleşýär, 2013-nji ýylda işe girizilen, umumy tutýan meýdany - 98000m2
    Çagalara ýatmak üçin 8 sany birmeňzeş, hersi 50 çaga niýetlenen korpuslar gurnalan. Olarda girelge, koridor, gözegçiniň otagy, 16 sany 3 çaga üçin we 1 sany 2 çaga üçin niyetlenen otaglar, terbiýeçiler üçin otag gurnalan. Otaglar howa sowadyjy, ýyladyş enjamlary bilen ýeterlik üpjün edilen.
    Naharhanasy bir wagtda 450 çagany naharlamak üçin niýetlenen, hersi 100 orunlyk 4 sany we 50 orunlyk 1 sany zallary bar. Aşhanasy zerur bolan otaglar we tehnologiki enjamlar bilen doly üpjün edilen. Dynç alyş möwsüminde  çagalar  günüň dowamynda 5 gezek naharlanylyar. (28 görnüşli iymit bilen üpjün edilýär).
    Saglyk nokadynda koridor, lukmanyň otagy, şepagat uýasynyň otagy (2sany otag), sanjym otagy, 4 sany 12 orunlyk izolýator otaglary bar. Gerekli mebeller we enjamlar bilen ýeterlik üpjün edilen. Mejlis zalynda çagalar üçin niyetlenen 2 sany kompýuter otag ( her otagda 7 jemi 14 kompýuter bar), 1 sany kitaphana, 1 el işleri otagy we stolda oýnalyan oýunlar üçin otaglar bar. Sport zaly giň, zalda howa sorujy ulgam gurnalan we sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen. Sagaldyş merkezinde, şeýle hem dürli sport oýunlary üçin sport meydançalary gurnalan.
"Türkmennebit" döwlet konserniniň düzümine girýän ähli edara kärhanalaryň işgärleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary üçin 1(bir) sany ýollamanyň bahasy 60 (altmyş) manat.