Türkmenbaşy şäheriniň merkezinde TNGIZT-nyň medeni-sport toplumy hereket edýär. Mekdep okuwçylary we uly ýaşly raýatlar bu ýerde woleýbol, basketbol, kiçi futbol, göreş, fitnes, aerobika, suwda ýüzmek, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly sport toparlaryna höwes bilen gatnaýarlar.
Nebiti gaýtadan işleýän hünärmenleriň, şäher ilatynyň boş wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirmekleri üçin TNGIZT-nyň medeni-sport toplumynyň tertipnamasy esasynda medeni-köpçülik çäreleri, sport ýaryşlary yzygiderli gurnalýar.
Medeni-sport toplumynyň düzüminde medeniýet, sport, tehniki, hojalyk bölümleri we “Dagdan” halk döredijilik topary hereket edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwrüň, milli däpleriň ruhuna laýyk gelýän öňdebaryjy binagärçilik-inženerçilik pikirlenmeleriň täze ýörelgelerini utgaşykly, sazlaşykly amala aşyrmak ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniň potratçy bolup çykyş etmeginde Medeni-sport toplumynyň durky 2014-nji ýylda düýpgöter täzelendi.
Giň otaglar, zallar, dälizler öz aýratynlygy bilen mydama tapawutlanardy, abatlaýyş işlerden soň toplumyň görki has-da gözelleşdi, täze binalar guruldy. Sport meýdançasynyň aşaky gatynda türgenleşik geçmek üçin ähli amatlyklary bolan howuz, fitnes, bilýard we stoluň üstünde oýnalýan tennis otagy, sportuň göreş ugry boýunça türgenleşik geçmek üçin zal, saglyk otagy bar. Öňki sport zalynda we sport meýdançasynda oňat abatlaýyş işleri geçirilip, türgenler, tälimçiler üçin şertler gowulandyryldy.
Medeni-sport toplumynda nebiti gaýtadan işleýjiler “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” şygar astynda türgenleşik geçýärler. Olar şäher, welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Şäheriň mekdep okuwçylary hem bu ýerde woleýbol, basketbol, kiçi futbol, göreş, fitnes, aerobika, suwda ýüzmek, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly sport toparlaryna höwes bilen gatnaýarlar.
Medeni-sport toplumynyň çäginde medeniýet işgärleriniň, hünärmenleriň iş otaglary, aýdymçylaryň we sazandalaryň taýýarlyk geçýän zallary, ses ýazgy studiýasy bar, olar döwrebap abzallaşdyrylyp, gerekli saz gurallary bilen üpjün edilendir. Medeni-sport toplumynyň düzüminde 2004-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän “Dagdan” halk döredijilik topary türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine öz saldamly goşandyny goşup gelýär. Bu folklor topary döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyklarda, halkara festiwallarynda üstünliklikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. “Läleler” çagalar tans topary türgenleşigini ýörite ülňülere laýyk gelýän zallarda geçýärler. Olar geçirilýän baýramçylyklarda şowhunly çykyş edip, tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başarýarlar.
Şäher ilatynyň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekligi we ýaşlaryň hünär endiklerini ösdürmek üçin ýörite kompýuter we tikinçilik gurnaklary hereket edýär.
“Medeniýet köşgi” diýlip, atlandyrylýan esasy binada merkezi ýolbaşçy düzümi üçin niýetlenilen otaglar, hasaphana, maslahat zaly, mejlisler zaly, edara iş maksatly otaglar ýerleşýär. Uly tomaşaçylar zalyndaky sahnada konsertleri, spektakllary, medeni çykyşlary gurnamak üçin ähli amatly şertler döredilendir. Geýimhananyň, egin-eşik çalşyrylýan, grim otaglaryň talabalaýyklygy işiň hil netijelligini has hem ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
“Medeniýet köşgüň” II gatynda kitaphana ýerleşýär. Bu ýerde kitap söýüjiler üçin kitaplary öýe alyp gitmäge, okalga zalynda dürli görnüşli metbugat neşirlerini okamaga, şeýle-de şol eserleriň elektron görnüşlerinden peýdalanmaga mümkinçilik döredilendir.
Üçünji gatda bolsa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Zähmet şöhraty” muzeýi ýerleşýär. Muzeýde fotosuratly diwarlyklar arkaly zawodlar toplumynyň taryhy, ýörite maketleriň, çykarylýan önümleriň nusgalarynyň sergisiniň üsti bilen bolsa zawodyň ýeten sepgitleri bilen tanşyp bolýar. Zawodlar toplumynyň gelejegi, onda zähmet çekýän işçiler hakynda we şuňa meňzeş başga-da dürli görnüşli maglumatlary bu ýerde saklanylýan wideoýazgylaryň üsti öwrenip bolýar.
Demirýol menzil tarapdaky girelgeden girilýän ýerde daşary işler ministrliginiň Balkan welaýat boýunça bölüminiň işgärleriniň iş otaglary, zawodlar toplumynyň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyndaky “Durmuş hyzmatlary” müdirliginiň binasy ýerleşýär. Bu ýerde nebiti gaýtadan işleýjileriň we şäheriň ýaşaýjylarynyň hyzmatynda bolmak bilen birbada 500-e golaý adamy kabul etmäge mümkinçiligi bolan dürli görnüşli medeni çäreleri, banketleri, toý-tomaşalary, aýdym-sazly agşamlary geçirmeklige niýetlenilen restoran hereket edýär. Bu ýere gelýän adamlaryň göwnünden turar ýaly ähli şertler döredilýär. Taýýarlanýan tagamlar datlylygy, berilýän hyzmatlar bolsa ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda zähmet çekýän işgärleriň çagalarynyň-da bu ýerde wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilendir.
Çagalar üçin täze gurlan oýun meýdançasy we kafeteriýa, berkakar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geljeki nesilleriň uly aladalar bilen gurşalandygyndan habar berýär. Meýdança suw çüwdürimleri, pergola, oturgyçlar, saýaly agaçlar, owadan güller bilen abadanlaşdyrylandyr, bu ýere maşgala bolup dynç almaga gelýänleriň sany sanardan köpdür.
Medeni-sport toplumynyň öňündäki uly meýdançada ýaýylýan binägärçilik ansambly (arka, suw çüwdürimler, tekjeler) bu bina bilen aýrylmaz bütewiligi emele getiýär.
Toplumyň daş töwereginiň bagy-bossanlyga bürenmegi, meýdançanyň daş-töwereginde al-elwan gülleriň parlap açylmagy kenarýaka Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylaryny buýsandyrýar, olar bu ýerde höwes bilen gezelenç edýärler, boş wagtlaryny şatlykly, peýdaly we täsirli geçirýärler.
Tel: +993 (243) 5-03-86.
Faks: +993 (243) 5-03-86.