Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Dagdan" halk döredijilik topary

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň "Dagdan" folklor topary barada maglumat.

"Dagdan" folklor topary 2004-nji ýylda Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň binýadynda döredildi. "Dagdan" sözi türkmen dilinde "Mukaddes agaç" diýmegi aňladýar. Türkmen halky gadymdan bäri bu agajyň bölejiginiň göz degmeginden goraýandygyna ynanypdyr. Bu agajyň böleklerinden gyzlar üçin dürli bezegler, ýigitler üçin bolsa esbaplar ýasalypdyr. Bu bolsa folklor toparynyň adynyň manysyny açyp görkezýär, ýagny,  "Dagdan" agajyndan ýasalan bezeg ýaly berk we owadan diýen many gelip çykýar.

Toparyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowadyr. "Dagdan" folklor topary diňe bir Türkmenbaşy şäherinde (Balkan welaýaty) meşhur bolman, eýsem paýtagtymyzda geçirilýän döwlet çärelerinde, medeni duşuşyklarda ýygy-ýygydan çykyş edýär. Olar öz joşgunly tanslary we aýdymlary bilen tomaşaçylary ruhlandyrýarlar.

"Küştdepdi" tansy halkymyzyň iň meşhur milli tanslaryň biridir. Hiç bir dabaranyň we baýramçylygyň "Küştdepdisiz" geçmeýändigi bellärliklidir. Bu tansy ýaşuly hem ýaş aýdymçylar bilelikde ýerine ýetirýär. Bu tans kenarýaka şäherleriniň ýaşaýyjylarynyň arasynda has hem meşhurdyr. 

"Dagdan" folklor toparynyň 15 sany ýigit we gyz agzalary öz aýdym-sazlarynda kenarýaka türkmenleriniň gadymy adatlaryny wasp edýärler. Adata laýyklykda olar balykçylary we awçylary "Küştdepdi" tansy bilen ugradyp, garşy alýarlar. Bu tans gazallar bilen aýratyn "Zikir" sazy arkaly ýerine ýetirilýär. Tansyň kompozisiýa görnüşi tegelek we ýarym tegelek görnüşde ýerine ýetirilýär. Bu joşgunly tans ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi.

"Dagdan" folklor toparynyň gatnaşmagynda Türkiýede, Russiýa Federasiýasynda, Tatarystan Respublikasynda, Germaniýada, Awstriýada, Hytaýda, Gazagystanda, Täjigistanda, Özbegistanda, Ermenistanda, Mongoliýada we Wengriýada köpsanly konsertler geçirildi. "Dagdan" folklor toparynyň artistleri milli lybaslarda daşary ýurt tomaşaçylarynyň ünsüni özüne çekip, türkmen milli tansynyň gözelligine hiç kimi biperwaý galdyrmandyr. Bu topar Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn Asyry" bäsleşiginiň ýeňijisi hem boldy.

"Dagdan" folklor toparynyň repertuary baý we dürlüdir. Gazallarda öz halkyna, öz topragyna bolan söýgi we türkmen tebigatynyň gözelligi wasp edilýär. Gazallarda we "Küştdepdi" milli tansynda Türkmenistanyň  gazanýan üstünlikleri öz beýanyny tapýar.

"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky "Dagdan" folklor topary beýik şahyryň sözlerine döredilen täze aýdymlary bilen çykyş edýär. Tans topary birnäçe gezek beýik akyldaryň dogduk mekanyna, şeýle-de, eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherine we Arkadag şäherine bolup, täze wideo şekilleri surata düşürip, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýärler.

Ýakynda "Dagdan" folklor topary türkmeniň akyldar şahyry, filosofy we türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujysy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşar.