Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
"Durmuşhyzmat" müdirligi

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hojalyk hasaplaşygyndaky “Durmuşhyzmat” müdirligi ilkinji gezek 1993-nji ýylda “Хозрасчетное управление Бытсервис” ady bilen döredilen. TNGIZT-niň hojalyk hasaplaşygyndaky “Durmuşhyzmat” müdirligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky 7661 belgili Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 2006-njy ýylyň Nowruz aýynyň 9-ynda kabul edilen 60 belgili buýrugy esasynda “Bytserwis” hojalyk hasaplaşygyndaky uçastogyň adynyň üýtgedilmeginiň binýadynda döredilen müdirlik bolup durýar.

Müdirlik ilkinji gezek Türkmenistanyň Bellige alyş palatasy tarapyndan 1998-nji ýylyň fewral aýynyň 17-sine № 25430216 belgili Şahadatnamasy esasynda “Bytserwis” hojalyk hasaplaşygyndaky uçastogy” ady bilen hasaba alyndy.

Müdirligiň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleriniň hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýruklarynyň, görkezmeleriniň we Tertipnamasynyň esasynda kadalaşdyrylýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hojalyk hasaplaşygyndaky “Durmuşhyzmat” müdirligi öz içine:

TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynda ýerleşýän restorany we kafeleri;
Zawodlar toplumynyň çägindäki we dolandyryş binasynda ýerleşýän naharhanany;
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Nebitçi”, “Gämi” we ýokary derejeli “Serdar” myhmanhanalaryny alýar.


Müdirligiň esasy iş görnüşleri we wezipeleri:

Restoranyň işi we taýýar iýmit bilen çalasyn, ykjam üpjün etmek hyzmatlary;
Myhmanhana hyzmatlary;
Myhmanhanada ýaşaýan syýahatçylara edilýän hyzmat;
Barlaryň hyzmaty;
Iýmit bilen üpjün etmek boýunça bir gezeklik we beýleki hyzmatlar;
Lomaý ýöriteleşdirilmedik söwda.


Müdirligiň esasy wezipeleri:

Hyzmatlaryň dürli görnüşlerini (maglumat, täjirçilik-söwda, mahabat, ulag we beýleki) ýola goýmak boýunça zerur gulluklary döredýär;
Ýerli material serişdelerini, önümçilik galyndylaryny, ilkinji gezek gaýtadan işlemäge degişli bolan serişdeleri gaýtadan işlemek, şeýle-de halkyň sarp edýän harytlaryny we önümçilige niýetlenen harytlary taýýarlamak üçin önümçilik sehlerini we uçastoklary döredýär.
Müdirligiň işi hojalyk hasaplaşygyna, öz-özüni maliýeleşdirmäge we öz-özüni ödemäge esaslanýar.

Adres: 745005, Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri.

Tel:

+993 (243) 96-2-54;
+993 (243) 2-04-90.


Faks: +993 (243) 2-04-90