Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginde ýerleşýän “Nebithimiýaçy” çagalar dynç alyş merkezi barada maglumat
Dynç alyş merkezi 1983-nji ýyldan gözbaş alyp 2003-nji ýylda Lebap welaýatyndaky Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ýolbaşçylygyna geçip, häzirki adyny “Neftehimik”aldy. Çagalar wagtlaryny rahatlyk bilen geçirip, özleri we özüniň saglyklary üçin peýdalanyp bilmekleri üçin dynç alyş merkezi gaýtadan enjamlaşdyryldy we durky täzelendi.
Dynç alyş merkezi bir wagtyň özünde, 6 ýaşdan 14 ýaşa çenli altmyş sany çagany kabul etmek üçin niýetlenendir we onuň çäginde çagalar üçin açyk (çuň däl) howuzy, ýapyk futbol meýdançasy we salançakly çäge meýdançasy, tans zaly, el işleriniň gurnagy, teatr studiýasy we kitaphanasy bar. Gije-gündiziň yssy wagtynda rahat dynç almak üçin dynç alyş merkeziniň ähli otaglarda howanyň gözegçiligi ulgamy bilen enjamlaşdyrylan.
Çagalar dynç alyş merkezinde 6 gezek iýmitlendirmek, esasy naharlaryň arasynda dürli-dürli ýürekse edinmek we sanitariýa-gigiýena talaplarynyň ýokary derejesinde gurnalandyr.
Çäginde nobatçy şepagat uýasy bolan lukmançylyk merkezi hem bar.