Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
15-nji başlangyç hünär-okuw mekdebi

    “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebi

      Mekdep tipli görnüşli bolup, 1975-nji ýylda ulanyşyga goýberilen. Mekdebiň baý material-tehniki okuw bazasy bar, 600 orunlyk esasy okuw binasyndan we himiýa okuw binasyndan ybarat. Okuw mekdebinde himiki derňew laboratoriýasy, kebşirleýji, tokar sehi bar. 200 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, 200 orunlyk naharhana, 200 orunlyk mejlisler zaly, bedenterbiýe sagaldyş zaly, ýapyk görnüşli woleýbol basketbol oýunlary üçin sport zaly. Sportuň dürli görnüşleri: (futbol, basketbol, woleýbol, kiçi futbol, ýeňil atletika boýunça meýdançalary, elektron okuw kitaphanasy) bar.

1 sany daşary ýurt dillerini öwrenmeklige lingafon otagy işleýär. Talyplara ýokary hilli bilim berip, olara hünär öwretmek üçin interaktiw tagtalarda sapaklar geçirilýär we proýektorlar giňden ulanylýar.

    Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebi öz tertipnamasyna laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak işlerini amala aşyrýar. 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnamalar we maksatnamalar esasynda 10 aý we 1,5 ýyl möhletli 9 sany ugurlar boýunça hünärler öwredilýär.Okuw döwründe geçirilýän önümçilik tejribeligi Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli sehlerinde tejribeli işgärleriň gözegçiliginde geçirilýär.

T/b

Hünärleriň atlary

Okuw möhleti

   1

Nebit himiýa önümçiliginiň operatory

10 aý

   2

Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator

10 aý

  3

Nebiti gaýtadan işlemegiň operatory

10 aý

  4

Himiki derňewiň laboranty

10 aý

  5

Tehnologiki nasoslaryň we kompressorlaryň maşinisti

10 aý

  6

Barlag-ölçeg enjamlary we awtomatikany sazlaýjy

10 aý

  7

Elektromontýor

10 aý

  8

Buhgalterçilik işi

1,5 ýyl

  9

Resminama dolanyşygy, informasiýa we guramaçylyk işi

10 aý

     Hünär-tehniki okuw mekdebinde okaýanlar tölegli  umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär. Hünärleriň ählisi gündizki we agşamky okuw toparlarynda okadylýar. Agşamky okuw toparynda okajak talyplaryň hökmany suratda iş ýerinden kepilnamasy we häsiýetnamasy bolmaly.

Tabşyrmaly resminamalar: pasport( nusgasy), bilim hakyndaky şahadatnamanyň  asyl  nusgasy, medisina kepilnamasy, 3х4 ölçegli  4-sany surat,  direktoryň  adyna  ýazylan arza, üç arka maglumaty.

 

Salgymyz: Türkmenistan, Lebap welaýaty, Dänew etraby, Seýdi şäheri, Türkmenbaşy şaýolunyň 2-nji jaýy

Telefon: 

  • 7-15-96;
  • 7-23-66.

E-mail: 15bhom@mail.ru.