Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň taryhy.

1965-1970-nji ýyllarda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň taslamasyny düzmegiň esasy «SSKP-niň ХХIII gurultaýynyň Direksiýasy (gutarnykly görkezmesi)» bolup durýar.

1965-nji ýylda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ministrler Soweti tarapyndan zawodyň guruljak ýerini kesgitlemek üçin topar döredilýär we topar ähli taraplaýyn doly öwrenilen meýdanda, ýagny Amyderýanyň çep kenarynda, Türkmenabadyň (Çärjewiň) 80 kilometr günbatar-demirgazygynda, Amyderýadan 2 kilometr daşlykda kärhananyň guruljak ýerini gutarnykly kesgitleýär.

1970-nji ýylyň 12-nji fewralynda SSSR-iň Ministrler Sowetiniň 285-nji belgili görkezmesi bilen Çärjewiň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň taslamasy tassyklanýar.

1989-njy ýylyň 2-nji noýabrynda zawod işe goýberilip, ilkinji nebit önümleri alyndy.

1991-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda SSSR-iň Himiýa we nebiti gaýtadan işleýän senagat ministrliginiň 78-nji belgili buýrugy bilen kuwwaty 6,0 million tonna bolan ELOU-AWT-6 desgasynyň 1-nji goýberilişi kabul edildi.

1992-nji ýylyň mart aýynyň 9-nda katalitik riforming LÇ-35-11/1000 desgasy işe goýberildi.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň taslamasy Günbatar Sibiriň nebitini gaýtadan işlemek üçin düzülen hem bolsa, Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny alandan soň, bu ýerde esasan-da, “Ýaşyldepe”, “Gazojak” we beýleki uglewodorod çig mal ýataklaryndan alynýan nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işlenip, gönikowlan benzin, dizel ýangyjy, mazut, ýagny harytlyk önümleri öndürilýär hem-de olaryň esasy bölegi goňşy we daşary döwletlere satylýar.

Bu kärhana 2005-nji ýylyň 15-nji dekabrynda “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody” diýlip atlandyryldy.

Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody.

 

Geografiki ýerleşişi, meýdany we beýlekiler

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Lebap welaýatynda, Amyderýanyň çep kenarynda, Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde ýerleşýär.

 Hojalyk işiniň görnüşleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde ýerleşip, ol esasy üç sany tehnologiki desgadan we şol desgalar üçin kömekçi ýerlerden ybarat bolup  durýar.

Öndürüjiligi ýylda 6 million tonna  bolan nebiti ilkinji gaýtadan  işleýän we elektroduzaýryjy desgasy ELOU-AWT-6,  öndürijiligi  bir ýylda 500 müň tonna göni kowlan benzini gaýtadan işleýän we goşmaça gidroarassalaýjy blokly  LÇ 35-11/500 desgasy we ýylda 37200 tonna ýol bitumyny öndürýän desga hereket edýär.

 

ELOU-AWT-6 desgasy

Öndürýän önümleri: mazut M-100, dizel ýangyjy L-05-62, göni kowlan benzin.

LÇ 35-11/1000 katalitiki riforming desgasy yokary oktanly A-95 benzine çenli debutonirlenen benzini katalizatorda almak we kompanenti ýokary oktanly benzin hiline getirmek üçin niýetlenen. 1991-nji ýylda ilkinji gezek işe goýberilen. 

LÇ 35-11/500 katalitik riforming desgasy göni kowlan benziniň ýylda 500 müň tonnasyny gaýtadan işlemek üçin niýetlenip, 2017-nji ýylda durky täzelenip, gaýtadan işe goýberilen.

Öndürýän önümleri: benziniň A-80, A-92 we A-95 görnüşleri, ekstraktlaýjy benzin, suwuklandyrylan gaz.

 

Ýol bitumyny öndürýän desgasy

Öndürýän önümleri:  nebit ýol bitumy, agyr wakuum gazoýly we ýeňil wakuum gazoýly.

Azot-kislorod stansiýasy 1990-njy ýylda işe goýberilip, zawodyň önümçiligine zerur bolan azot we kislorod bilen üpjün etmek üçin niyetlenen.

 

Salgysy: 746127, Türkmenistan, Lebap welaýaty, Dänew etraby, Seýdi şäheri, SNGIZ.

Telefon: +993 (446) 7 15 88

Email:  sngiz@sngiz.gov.tm