“Nebitzawodgurnama” kärhanasy
Taryhy:
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň Awgust aýynyň 10-da №831 belgili karary esasynda “Nebitzawodgurnama” karhanasy Montaž we ýörite gurluşyk işleri baradaky “Türkmenbina” döwlet konsernisine degişli bolup gurluşyk-gurnama işlerine başlaýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-nji ýylyň Dekabr aýynyň 04-de №2902 belgili karary esasynda “Nebitzawodgurnama” karhanasyny “Türkmengündogarnebitgurluşyk” trestiniň düzümine geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň Iýul aýynyň 07-de №293 belgili karary esasynda “Nebitzawodgurnama” karhanasyny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine geçirilýär.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 2021-nji ýylyň Fewral aýynyň 23-de №138iş belgili karary esasynda “Nebitzawodgurnama” kärhanasy Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň düzümine geçirildi.
Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň “Nebitzawodgurnama” kärhanasy.
Geografiki ýerleşişi, meýdany we beýlekiler
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň “Nebitzawodgurnama” kärhanasy Lebap welaýatynda, Amyderýanyň çep kenarynda, Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde ýerleşýär.
Hojalyk işiniň görnüşleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň “Nebitzawodgurnama” kärhanasy Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde ýerleşip, turba geçirijileri gurmak, suw geçiriji ulgamlary, ýyladyş ulgamlary, wentilýasiýa ulgamlaryny gurnamak, izolýasiýa işleri, rezerwuarlary gurnamak we bejergi işlerini geçirmekden ybarat bolup durýar.
Salgymyz: 746127, Türkmenistan, Lebap welaýaty, Dänew etraby, Seýdi şäheri, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň “Nebitzawodgurnama” kärhanasy