1-nji aprelde «Aýwan-e-Sadr» Prezident köşgünde Türkmenistanyň Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda geçirilen duşuşykda döwletara gtnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
“Taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär” diýlip habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň Ilçisi Pakistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurduň Prezidenti wezipesine ikinji gezek girişmegi bilen baglanyşykly gutlag sözlerini we arzuwlaryny ýetirdi.
Asif Ali Zardari hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli sözleri we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi we parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Asif Ali Zardari Pakistanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Belläp geçsek, Asif Ali Zardari şu ýylyň 9-njy martynda geçirilen saýlawlarda Pakistanyň 14-nji prezidenti wezipesine saýlandy.
Türkmenistan we Pakistan ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metr bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşýar.
Mart aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň döwlet nebit ministri Musadik Malik bilen duşuşygynyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň möhüm taslama bolup durýandygyny belledi we ony ilerletmäge ymtylyşyny beýan etdi.
2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň we Pakistanyň hökümetara toparynyň we iş toparynyň duşuşyklary meýilleşdirildi. Olaryň barşynda TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meseleleri maslahatlaşylar.