GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
23.11.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, öňe gitmegi we gülläp ösmegi maksat edinmäge esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Katar Döwletiniň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi