Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda içerki we daşarky bazarlarda söwdalar geçirildi. Üns merkezinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri boldy: telekeçiler polipropileni, şepbeşik nebit ýol bitumyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berýär.
«Türkmennebit» döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny daşarky bazarda Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri satyn aldylar. Içerki bazarda ýerli telekeçiler «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerinden başga-da, söwdalarda beýleki harytlar hem ýerlenildi. Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy, türk işewürleri bolsa «B» kysymly karbamidi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Berzeňňi» bejeriş-naharhana gazlandyrylan mineral suwuny, «Witamin» alkogolsyz gazlandyrylan içgisini we buýan köküniň arassalanmadyk glisirrizin turşusyny satdy. Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti birinji hilli rafinirlenen dezodorirlenmedik pagta ýagyny satdy. Mundan başga-da, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri birinji hilli arassalanan pagta ýagyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) wekilleri çig matany, nah ýüplügini we birinji hilli bugdaý ununy, Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri nah ýüplügini, Türkiýe Respublikasynyň wekilleri bolsa pagta süýümini satyn aldylar.
Hepdäniň dowamynda biržada jemi 24 geleşik hasaba alyndy.







