Şenbe güni, 21-nji noýabrda, daşarky bazarda geçirilen birža söwdalarynda ýurduň nebitgaz toplumynyň önümleri satyldy.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem owganystanly telekeçiler Türkmenistanyň işewürlerinden arassalanan birinji hilli pagta ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri türkmen işewürlerinden nah ýüplügini we birinji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 090 700 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.







