Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 19-njy noýabrda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şol gün daşarky bazarda Birleşen Arap Emirliklerinin (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Gyrgyz Respublikasynyň işewürleri türkmen telekeçilerinden nah ýüplügini, türkiýeli işewürler bolsa pagta süýümini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 000 000 manada we 2 317 600 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.







