GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
TESC 2026-da metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tegelek stol geçiriler
20.11.2026

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 14–15-nji dekabrynda geçiriljek «Turkmen Energy» (TESC 2026) halkara ylmy-amaly maslahatynyň maksatnamasynda metan zyňyndylaryny azaltmak meselelerine bagyşlanan ýörite halkara tegelek stol möhüm orun eýelär. Bu çäre energetika pudagynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tejribe alyşmak üçin hünär meýdançasyna öwrüler.

«Metan zyňyndylaryny azaltmak: halkara hyzmatdaşlyk, tehnologiýalar we amaly çözgütler» atly tegelek stola milli energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň hem-de tehnologik kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň dowamynda metan zyňyndylaryny ölçemegiň we gözegçilik etmegiň häzirki zaman usullary, hemra tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri, tebigy gazyň syzyşlaryny ýüze çykarmak we aradan aýyrmak, hasabatlylyk ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem gatnaşyjylar energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine aýratyn üns bererler. Hünärmenleriň pikir alyşmalary metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge hem-de olary amalyýetde ulanmagyň mümkinçiliklerini seljermäge gönükdiriler.

Bu ugur Türkmenistanyň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän başlangyçlary bilen utgaşykly bolup, forumyň esasy temalarynyň biri hökmünde kesgitlenýär.

TESC 2026-nyň çäklerinde geçiriljek halkara tegelek stoluň netijeleri häzirki zaman ekologik çözgütleriniň ornaşdyrylmagyna, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň ösdürilmegine goşant goşmagyna garaşylýar.