Aşgabatda geçiriljek «Turkmen Energy» (TESC 2026) halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde ýaş hünärmenler üçin ýörite TESC Youth Energy Forum 2026 atly ylmy-tehnologik meýdançanyň guralmagy meýilleşdirilýär. Bu başlangyç ýaşlaryň ylmy mümkinçiliklerini açmaga, innowasion pikirlerini hödürlemäge hem-de energetika pudagynyň geljekki ösüş ugurlary boýunça tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döreder. Bu barada çäräni gurnaýjylar habar berdi.
Ýaşlar forumynyň esasy maksady ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş alymlaryň we başlangyç hünärmenleriň häzirki zaman energetika ylmyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, bilim bilen önümçiligiň arasyndaky özara gatnaşygy pugtalandyrmak hem-de täze nesil hünärmenleriniň taýýarlygyna ýardam bermekden ybaratdyr.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde ýaş gözlegçileriň we talyplaryň ylmy işleriniň, tehnologik taslamalarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşlary geçiriler. Gatnaşyjylar energetikanyň geljegi, emeli aň, sanly ýataklar, robototehnika, energiýa netijeliligi, metan zyňyndylaryny azaltmak we uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmek ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alyşarlar.
Ýaş hünärmenler halkara energetika kompaniýalarynyň wekilleri, pudak bilermenleri we alymlar bilen duşuşyp, häzirki zaman önümçilik talaplary, hünär mümkinçilikleri hem-de täze tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary barada gymmatly tejribe alarlar.
TESC Youth Energy Forum 2026 ýaşlaryň döredijilik we ylmy başlangyçlaryny goldamak, olaryň hünär taýdan ösmegine şert döretmek bilen bir hatarda, energetika pudagynyň geljekki işgärleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat eder.
Ýaş nesliň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen bu başlangyç «Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçiriljek TESC 2026-nyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş eder.







